Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň. Siz tütetgi ýakdyňyz, Rebbe garşy günä etdiňiz, Rebbe gulak asmadyňyz, Onuň kanunlaryny, parzlaryny we permanlaryny berjaý etmediňiz. Şonuň üçinem, ine, başyňyzdan bu günki bela-beterler indi». Mowap masgara boldy, ol derbi-dagyn edildi. Perýat et we agla! Mowabyň weýran bolandygyny Arnonda yglan et. Damask mejalsyz galdy, gaçjak bolup öwrülende, ony gorky gaplady. Çaga dogurýan aýal kimin ony sanjy we agyry tutdy. „Wah, neçün şatlygymyň mekany bolan bu şöhratly şäher abat galmady?!“ Emma Ysraýylyň Penakäri güýçlüdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir. Ol Ysraýylyň işini derňäp, ýurda rahatlyk berer, emma Babylyň ilatyna biynjalyk berer». Emma özünden güýçli adam hüjüm edip, ony ýeňse, onda onuň buýsanýan hemme ýaraglaryny elinden alyp, talan oljasyny paýlar.
Выбор основного перевода