Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawudyň adamlary geçip barýarka, tutuş ýurt nala çekip aglady. Patyşa tutuş goşuny bilen Kidron deresinden geçip, çöle tarap ýola düşdi. Şeýdip, olar Atalýany tutdular. Ony At derwezesinden patyşanyň köşgüne getirip, şol ýerde öldürdiler. Ol Aşera butuny Rebbiň öýünden Iýerusalimiň daşyna, Kidron deresine çykaryp, şol ýerde ýakdy. Onsoň ony ýenjip, kül edip, külüni adamlaryň gabyrlarynyň üstüne sepdi. Ruhanylar At derwezesinden başlap, demirgazyga tarap hersi öz öýleriniň gabadyndaky diwary dikeltdiler. Oýan, eý, Sion, oýan! Gudratyňa beslen! Eý, Iýerusalim, mukaddes şäher, gözel lybasa gir! Sünnetsizler, haram adamlar içeri girmezler asla. Ogul-gyzlaryny oda ýakyp, gurbanlyk etmek üçin, Benhinnom deresinde Topet seždegählerini gurdular. Beýle işi Men olara buýurmadym, beýtmek kelläme-de gelmedi. Şonuň üçin hem şeýle günler geler, muny Reb aýdýandyr, ol ýere Topet ýa-da Benhinnom deresi diýilmän, Ölüm jülgesi diýler. Topetde ölüleri jaýlamak üçin ýer galmaz. «Şonda Men Beýik Hudaýyňyzyň mukaddes dagym Sionda mesgen tutandygymy bilersiňiz. Iýerusalim hem mukaddes bolar, kesekiler ony basyp almaz hiç haçan.
Выбор основного перевода