Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary Öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär. Men olaryň arasynda bir alamat görkezerin. Olaryň arasyndan gaçyp gutulanlary milletleriň arasyna, Tarşyşa, Pula, ýaýçy Luda, Tubala, Ýawana, Men barada eşitmedik, şöhratymy görmedik uzakdaky adalara ýollaryn. Olar Meniň şöhratymy milletleriň arasynda yglan ederler. Sürimiň galanlaryny olary dargadan ähli ýurtlarymdan ýygnaryn, olary gaýtadan agyllaryna getirerin; olar köpelerler, örňärler. „Men halkymy gahar-gazabym, otly gazabym bilen dargadan ýurtlarymdan ýygnaryn. Olary bu ýere yzlaryna getirerin we howpsuzlykda ýaşadaryn. Ysraýyly ýene öz örüsine getirerin, ol Karmelde, Başanda otlap, Efraýym dagyndaky Gilgatda gerk-gäbe doýar. Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Olary uzakdaky milletleriň arasyna iberdim, ýurtlara dargatdym. Şonda-da giden ýurtlarynda gysga möhlet üçin olara mukaddes öý bolan Mendirin“».
Выбор основного перевода