Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen meniň ýasymy toýa öwürdiň, ýas julumy çykaryp, meni begenç lybasyna beslediň. eý, ýaş gyzlar hem-de ýigitler, ýaşulular hem-de çagalar. Rebbiň azat edenleri dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gelerler, başlarynda ebedi şatlyk bolar, begenç hem şatlyk taparlar olar, gam-gussa hem nala ýok bolar. Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara. Ýaratjak zatlaryma şatlanyp, baky begeniň; Ine, Men Iýerusalimi şatlyk üçin, halkyny-da begenç üçin ýaratjak. Size dogrusyny aýdýaryn, siz aglap ýas tutarsyňyz, dünýä bolsa şatlanar. Siz gaýga batarsyňyz, ýöne gaýgyňyz şatlyga öwrüler.
Выбор основного перевода