Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Seni söýýänler aman ýaşasyn! Diwarlaryňyň içinde parahatçylyk bolsun, gala diňlerinde howpsuzlyk bolsun!» diýip, Iýerusalimiň parahatlygy üçin doga-dilegler ediň. «Seni söýýänler aman ýaşasyn! Diwarlaryňyň içinde parahatçylyk bolsun, gala diňlerinde howpsuzlyk bolsun!» diýip, Iýerusalimiň parahatlygy üçin doga-dilegler ediň. Kazylaryňy ozalky halyna, maslahatçylaryňy öňki halyna dikelderin. Şondan soň saňa: „Dogrulyk şäheri, sadyk şäher“ diýler». Şonda siz Meni taparsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Men size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp bererin, sizi kowan ýerlerimiň baryndan, ähli milletleriň arasyndan yzyňyza ýygnaryn. Muny Reb aýdýandyr. Men sizi nireden sürgün eden bolsam, şol ýere hem gaýtaryp getirerin. Çünki halkym Ysraýyl bilen Ýahudanyň öňki abadançylygyny dikeltjek günlerim ýetip gelýär. Muny Reb aýdýandyr. Men olary ata-babalaryna beren ýurduma gaýtaryp getirerin, olar hem ol ýeri eýelärler. Muny Reb aýdýandyr“». Reb şeýle diýýär: «Ýakubyň çadyrlarynyň abadançylygyny dikelderin, onuň ýaşaýan mesgenlerine rehim ederin. Şäher öz depelerinde bina ediler, berk gala öz ýerinde oturdylar. Benýamin topragynda, Iýerusalimiň töweregindäki ýerlerde, Ýahuda galalarynda, daglyk galalarda, günbatar baýyrlykda we Negep galalarynda ekin meýdanlary kümşe satyn alnyp, şertnamalara gol çekiler, möhürlenip, şaýatlar çagyrylar. Çünki Men olaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin“. Muny Reb aýdýandyr». Kim tapsa iýdi olary. Duşmanlary diýdiler: „Biz ýazykly däl, sebäbi olar hakykat örüsi bolan Rebbe garşy, atalarynyň umydy bolan Rebbe garşy günä etdiler“. Reb şeýle diýýär: «Men Siona tarap öwrülerin we Iýerusalimde mekan tutaryn. Iýerusalim „Wepaly şäher“ diýlip atlandyrylar. Hökmürowan Rebbiň dagy „Mukaddes dag“ diýlip atlandyrylar». Atalarymyza söz berşi ýaly, Ybraýym bilen onuň nesline rehimdarlyk etmegi hiç unutman, guly Ysraýyla ýardam etdi».
Выбор основного перевода