Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, Hudaý iki sany beýik şamçyragy – gündizi dolandyrmak üçin uly şamçyragy, gijäni dolandyrmak üçin kiçi şamçyragy hem-de ýyldyzlary döretdi. Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär. Gün söz sözleýär ertirki güne, gije bilim berýär indiki gijä. Ne gep bar, ne-de bir gürrüň, eşidilmeýär sesi olaryň. Tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy, dünýäniň dört künjegine – olaň sözleri. Hudaý Gün üçin göklerde dikdi çadyry, Gün gelin jaýdan giýew dek çykýar, ylgamakçy bolýan ýüwrük kimin şatlanýar. Gökler gözýetiminden onuň çykyşy, beýleki gözýetimine onuň aýlawy, hiç bir zat gizlin däl onuň howrundan. Emma Ýakubyň paýy beýle däldir, çünki ähli zatlary ýaradan Hudaýdyr, Ysraýyl tiresi Onuň mirasydyr, Onuň ady Hökmürowan Rebdir.
Выбор основного перевода