Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Ahazýanyň agtygy, Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýany Beýtşemeşde tutdy. Onsoň Ýehowaş Iýerusalime gelip, Iýerusalimiň diwarynyň Efraýym derwezesinden Künç derwezesine çenli bolan dört ýüz tirsek aralygyny ýykdy. Şeýle hem, Uzyýa Iýerusalimdäki Künç, Dere we Burç derwezelerinde diňler gurup, olary berkitdi. Onsoň baş ruhany Elýaşyp we onuň ruhany doganlary Goýun derwezesini täzeden gurup, onuň gapylaryny oturtdylar. Onsoň olar diwary Ýüzler diňine we Hananel diňine çenli gurup, ony hem Hudaýa bagyş etdiler. Gebadan Iýerusalimiň günortasyndaky Rimmona çenli tutuş ýurt düzlüge öwrüler. Emma Iýerusalim Benýamin derwezesinden öňki derwezäniň ýerleşen ýerine, Çüňk derwezesine çenli, ýagny Hananel diňinden patyşanyň üzüm sykylýan ýerine çenli aralykdaky belentlikde galar.
Выбор основного перевода