Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gör, nähili bagtly Hudaýyň terbiýeleýäni! Gudratygüýçliniň temmisini ret etme. Eý, Hudaý, Sen bizi dikelt, ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly. Bizi dikelt, eý, Hökmürowan Hudaý! Ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly. Bizi dikelt, ýa Hökmürowan Hudaýymyz Reb! Ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly. Ýa Reb, Seniň terbiýeleýän ynsanyň, Öz kanunyňy öwredýän ynsanyň nähili bagtly! Meni özüň bilen alaý, howlugaly. Şazadam meni içki otagyna getirdi. Seniň üçin şatlanaly we guwanaly; şerapdanam zyýada taryplaly seniň yşkyňy. Sen olaryň söýgüsine mynasyp! Ýa Reb, maňa şypa ber, sagalaýyn. Meni halas et, halas bolaýyn, çünki öwgim diňe Sensiň. Bize çäksiz gaharlanyp, bütinleý ret etmedik bolsaň, bizi Özüňe öwür, ýa Reb, biz öwrüleris, bize öňki günlerimizi gaýtaryp ber! Efraýym harman döwmegi söýýän öwrendikli gölä meňzeýärdi. Men onuň owadan boýnuna boýuntyryk salmadym. Indi Efraýyma boýuntyryk salaryn. Ýahuda ýer sürer, Ýakup bolsa mala basar». Ýaman ýoluňyzdan öwrüp, sizi ýalkamak üçin, Hudaý Öz guly Isany saýlady we ilki bilen Ony size ýollady».
Выбор основного перевода