Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gündiz höküm sürer ýaly Güni ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky. Gije höküm sürer ýaly Aýy, ýyldyzlary ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky. Reb olary baky, müdimi berkarar etdi, hiç üýtgemejek bir parzy berdi. Bu Meniň üçin Nuhuň döwri kimindir, Nuhuň tupany ýer ýüzünde indi gaýtalanmaz diýip ant içişim ýaly, saňa-da gaharlanmaryn indi, hiç haçan käýemerin diýip ant içdim. Daglar ýerinden gozgansa-da, depeler sarssa-da, sadyk söýgim senden aýrylmaz, sarsmaz parahatçylyk ähtim. Saňa rehim eden Reb diýýär muny. «Reb şeýle diýýär: „Gündiz bilen gije öz wagtynda bolmaz ýaly, Meniň gije-‑gündiz baradaky ähtimi bozup bilseňiz, «Bu halkyň: „Reb Öz saýlan iki taýpasyny-da ret etdi“ diýip aýdýanyny göreňokmy? Olar indi Meniň halkymy kemsidýärler, ony millet hasap etmeýärler. Reb şeýle diýýär: „Gije-gündiz bilen äht baglaşyp, gögüň we ýeriň düzgünlerini Men berkarar etdim. Hut şunuň ýaly, Ýakubyň nesli bilen gulum Dawudyň neslini-de ret etmedim. Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesliniň üstünden Dawudyň ogullaryndan birini hökümdarlyk etmek üçin saýladym. Çünki Men olaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin we olara rehimdarlyk ederin“». Reb şeýle diýýär: «Eý, ysraýyl halky, sen Meniň üçin efiopiýa halky bilen deň dälmisiň? Ysraýyllary Müsürden, piliştleri Kaptordan, siriýalylary Kirden çykaran Men dälmi näme? Hökmürowan Rebbiň nazary siziň günäli şalygyňyzdadyr, Men-Reb ony ýer ýüzünden süpürip taşlaryn, emma Ýakubyň kowumyny bütinleý ýok etmerin». Muny Reb aýdýandyr. Ine, Men buýruk bererin, ähli milletleriň arasynda ysraýyl halkyny bugdaý elän ýaly edip, elekden geçirerin, şonda ýekeje daş-da elekden geçmez.
Выбор основного перевода