Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýakubyň ähli ogullarydyr gyzlary gelip, oňa göwünlik berjek boldular, emma oňa göwünlik berip bilmediler. Ýakup: «Şu hasratym bilen ölüler dünýäsindäki oglumyň ýanyna gitjek» diýdi. Şeýdip, kakasy Ýusubyň ýasyny tutmagyny dowam etdirdi. Muşakgatly günümde Taňryny agtarýaryn, gollarymy gijesine dynuwsyz göge gerýärin, meniň janym tesellini kabul etmeýär. Çadyrym ýykyldy, üzüldi ähli tanaplary. Çagalarym taşlap gitdiler meni, ýok olar indi. Çadyrymy täzeden dikmäge, hiç kim ýok perdelerimi asmaga. Şeýdip, Ýermeýa pygamberiň şu aýdanlary berjaý boldy: «Ramadan bir ses eşidildi, agy we ajy perýat sesleri, Rahel çagalary üçin aglaýar, teselli berilmegini islemeýär, çünki olar indi ýok».
Выбор основного перевода