Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, Ýeşuwa Rebbiň Musa basyp almaly diýen ýerleriniň hemmesini aldy we ol ýerleri bölüp, ysraýyllaryň tireleri boýunça olara mülk edip paýlap berdi. Şunlukda, ýer uruşdan dynyp rahatlandy. Ol bulara şeýle diýdi: «Siziň üstüňizden höküm sürjek patyşa ogullaryňyzy goşunda gulluk etmäge mejbur eder: olaryň käbirleri söweş arabalarynyň sürer, käbirleri bolsa şanyň söweş arabalaryň öňünden ylgar. Ol özi üçin müňbaşylar we ellibaşylar bellär. Kimsine öz ýerlerini agdardar, hasylyny ýygnadar, kimsine bolsa, uruş enjamlaryny we öz söweş arabalarynyň şaýlaryny ýasadar. Gyzlaryňyzy alyp, atyr ýasadar, aşpez eder, çörek bişirder. Şa siziň iň saýlama ýerleriňizi, üzümçilikleriňizi, zeýtun baglaryňyzy eliňizden alyp, öz hyzmatkärlerine berer. Öz goşunbaşylarydyr hyzmatkärlerine bermek üçin, galla hem-de üzüm hasylyňyzyň ondan bir bölegini eliňizden alar. Ol sizi gul-gyrnaksyz goýar, iň saýlama mal-garalaryňyzy we eşekleriňizi alyp, olary öz hajatlary üçin ulanar. Dowarlaryňyzyň-da ondan birini alar, özüňiz bolsa onuň guluna öwrülersiňiz. Ol Rebden gorkmakdan lezzet alar, görşüne görä höküm çykarmaz Ol, eşidişine görä karar çykarmaz. Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol, pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer. Dogrulyk hem sadyklyk guşak bolar biline. Ine, Meniň Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykarjak günlerim gelýär; muny Reb aýdýandyr. Ol şa tagtyna çykyp, paýhasly höküm sürer, ýurtda adalat we dogruçyllyk bilen hereket eder. Aralaryndaky ýolbaşçylary haram gazanç üçin gan dökmekde, adam janyny ýok etmekde awuny parçalaýan gurtlar kimindir. Hökümdar halkyň mirasyndan alyp, olary mülklerinden mahrum etmeli däldir; Meniň halkymdan hiç bir kişi mülkünden kowulmaz ýaly, her kim ogullaryna öz mülkünden miras bermelidir». Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ýurdy mülk hökmünde Ysraýylyň on iki tiresine görä böleniňizde, araçäk şu bolmalydyr: Ýusubyň nesli iki paý alar.
Выбор основного перевода