Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýurdy mülk hökmünde bije atyp paýlanyňyzda, ýurtdan mukaddes bir bölek ýeri sadaka hökmünde Rebbe beriň. Onuň uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek we ini ýigrimi müň tirsek bolsun; bu bölek tutuş töwerekleýin mukaddes bolar. Bu ýeriň bir bölegi ruhanylara paý bolar; onuň demirgazyga tarap uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek, günbatara we gündogara tarap ini on müň, günorta tarap uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek bolar. Rebbiň mukaddes öýi onuň ortasynda bolar. Bu paý Maňa ruhanyçylyga bagyş edilen Sadok nesilleri üçindir. Olar öýümiň goramak keşigini çekdiler. Ysraýyl halky ýoldan çykanda, lewiler hem ýoldan çykdylar, emma Sadok nesilleri Maňa wepaly boldular.
Выбор основного перевода