Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Ysraýyllara şeýle buýruk ber, goý, olar özlerine miras düşen mülklerinden lewilere ýaşar ýaly galalar bersinler. Şol galalaryň töweregindäki öri meýdanlaryny-da lewilere bersinler. Ol adam mukaddes ýeri ölçäp bolanyndan soň, meni gündogara tarap bakýan derwezeden çykaryp, diwaryň töwereginiň uzynlygyny ölçedi. Ölçeg taýagy bilen mukaddes ýeriň gündogar tarapyny ölçedi: bu ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsek çykdy. Onuň demirgazyk tarapyny ölçedi, ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsekdi. Onuň günorta tarapyny ölçedi: ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsek çykdy. Onuň günbatar tarapyny ölçedi: ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsek çykdy. Ony dört tarapyndan hem ölçedi. Mukaddes zady ýönekeý zatdan aýyrmak üçin onuň daş-töwereginde bir diwar bardy. Onuň uzynlygy-da, ini-de bäş ýüz tirsege deňdi.
Выбор основного перевода