Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra olar janlynyň ganyndan alyp, onuň eti iýiljek öýleriň gapylarynyň ikiýan söýesine hem-de üstki söýesine çalsynlar. Öküziň ganyndan alyp, barmagyň bilen gurbanlyk sypasynyň ýokary çykyp duran burçlaryna çal. Galan ganyň hemmesini gurbanlyk sypasynyň düýbüne dök. Musa öküzçäniň damagyny çaldy. Ol öküzçäniň ganyndan alyp, ony gurbanlyk sypasynyň şahlaryna barmagy bilen çalyp, gurbanlyk sypasyny halallady. Galan gany bolsa, ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi. Şeýdip, Musa gurbanlyk sypasyny halallamak üçin ony mukaddes etdi. Rebbiň şöhraty gündogara tarap bakýan derwezeden öýe girdi. Onsoň Ruh meni alyp, içki howla getirdi; Rebbiň şöhraty öýi doldurdy. Onuň ganyndan al-da, gurbanlyk sypasynyň dört şahyna, diwaryň dört burçuna we töwerekleýin ýabyň gyrasyna çal; bu ony tämizläp, haramlygyndan sapladygyň bolar.
Выбор основного перевода