Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz uzynlyk ölçäniňizde, çekimde ýa-da sanagda hiç kimi aldamaň. Siz hak terezileri, hak ölçeg daşlaryny, hak ölçegleri ulanyň. Sizi Müsür ýurdundan çykaran Hudaýyňyz Reb Mendirin. Torbaňyzda iki dürli: biri agyr, biri ýeňil terezi daşy bolmasyn. Öýüňizde biri uly, biri kiçi bolan iki dürli ölçeg gaby bolmasyn. Siziň diňe doly we dogry terezi daşyňyz, şeýle hem, hakyky ölçegiňiz bolsun. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size berjek ýerinde ömrüňiz uzak bolar. Rebbiň ýigreneni galp terezidir, dogry ölçegden bolsa göwni hoş bolýandyr. «Men baýadym – diýer Efraýym. – Özüm üçin gor topladym. Men näme iş edenem bolsam, hiç kim menden günä tapmaz». Siz diýersiňiz: «Täze Aý baýramy geçsedi, gallamyzy satarys; Sabat güni basym ötsedi, bugdaýmyzy bazara çykararys. Ölçegi kiçeldip, bahany ulaldyp, galp terezi bilen adamlary aldarys.
Выбор основного перевода