Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Bu aý siziň üçin aýlaryň başlangyjy bolar. Siziň üçin bu aý ýylyň ilkinji aýy bolar. Ysraýyl halkyna aýt, goý, şu aýyň onunjy güni her bir maşgalabaşy öz hojalygy üçin soýmaga bir janly saýlap alsyn. Eger bir hojalyk bir janlyny iýerden kiçi bolsa, onda olar özleriniň iň ýakyn goňşusy bilen bilelikde, hersiniň maşgala agzalaryna görä bir janlyny öz aralarynda paýlaşsynlar. Janlyňyz hiç hili şikessiz bolmalydyr. Muňa siz birýaşar tokly ýa-da birýaşar çebiş saýlap bilersiňiz. Siz ony şu aýyň on dördi gününe çenli saklaň we şol gün gije bütin ysraýyl jemagatynyň hersi öz saýlap goýan janlysyny soýup öldürer. Soňra olar janlynyň ganyndan alyp, onuň eti iýiljek öýleriň gapylarynyň ikiýan söýesine hem-de üstki söýesine çalsynlar. Olar şol gije janlynyň etini otda kebap edip, petir we ajy gök otlar bilen iýsinler. Onuň etini bişirmän, çigligine ýa-da suwda gaýnadyp iýmäň. Ony diňe tutuşlygyna kellebaşaýagy we içgoşlary bilen birlikde otda kebap edip iýiň. Daňdana çenli ondan hiç zat galdyrman iýiň. Eger ertire çenli iýilmän artyp galsa, şol galan-gaçanlary otda ýakyň. Siz ony şu ýagdaýda iýmelisiňiz: ýol geýimiňiz egniňize, çarygyňyz aýagyňyza geýlen bolsun, hasaňyz eliňizde bolsun. Şeýle hem, siz ony çaltlyk bilen iýmelisiňiz. Bu Rebbiň Pesahydyr. Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin. Bolýan öýleriňiziň gapysyna çalnan gan siziň üçin nyşan bolar. Men ol gany görenimde, siziň üstüňizden sowlup geçerin. Men Müsüri jezalandyranymda, hiç hili betbagtlyk sizi weýran etmez. Bu gün siz üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Meniň şanyma baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme--nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz. Ýedi günläp siz petir iýmelisiňiz. Şu ýedi günüň ilkinji gününde, siz öýleriňizden hamyrmaýalary çykaryp taşlaň. Kimde-kim birinji günden tä ýedinji güne çenli aralykda hamyrmaýa goşulan zatdan iýse, onda ol ysraýyllaryň arasyndan kowlup çykarylsyn. Birinji günde we ýedinji günde siz mukaddes ýygnanyşyk etmelisiňiz. Şol günler ýekeje iş hem edilmeli däldir, diňe öz iýjek zatlaryňyzy taýýarlaň. Şeýle hem, siz Petir baýramyny-da bellemelisiňiz, sebäbi Men sizi Müsürden topar-topar edip, hut şol gün alyp çykdym. Şonuň üçin hem siz bu güni nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklamalysyňyz. Ilkinji aýyň on dördi güni agşamyndan tä şol aýyň ýigrimi biri güni agşamyna çenli siz petir iýmelisiňiz. Birinji aýyň on dördüne Gün ýaşandan soň, Rebbe Pesah gurbanlygy hödür edilsin. Şu aýyň on bäşi Rebbiň Petir baýramydyr. Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz. «Ysraýyllar kesgitlenen wagtda Pesah baýramyny bellesinler. Şu aýyň on dördüne, bellenen wagtda, agşamara ony ähli düzgünlere we kada-kanuna laýyklykda geçirsinler». Birinji aýyň on dördüne Rebbe Pesah gurbanlygy hödür edilsin. Şu aýyň on bäşi güni baýramdyr. Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz.
Выбор основного перевода