Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Liwandan Misrepot Maýyma çenli ähli daglyklar we olaryň ähli ilaty, hatda sidonlylaryň ählisi hem degişlidir. Olary ysraýyllaryň öňünden Meniň Özüm kowup çykararyn. Ýöne sen bu ýerleriň hemmesini Meniň buýruşym ýaly, bije atyp, ysraýyllaryň dokuz tiresine we günbatardaky manaşa tiresine mülk edip paýlap ber». Rebbiň Musanyň üsti bilen olara buýruşy ýaly, olar mülk ýerleri dokuz tiräniň we bir sany ýarym tiräniň arasynda bije atyşmak bilen paýlaşdylar. Bu ýurdy öz araňyzda Ysraýyl tirelerine görä paýlap beriň. Siz bije boýunça ýurdy özüňize, içiňizde ýaşaýan gelmişeklere we olaryň araňyzda doglan çagalaryna mülk hökmünde paýlaň. Ol gelmişekler siziň üçin asly ysraýylly hasaplanmalydyrlar. Olar hem bije boýunça ysraýyl tireleriniň arasynda siziň bilen deň mülk edinerler. Ýahuda tiresiniň gündogardan günbatara çenli uzalýan ýerleri sadaka hökmünde Men–Rebbe berler. Onuň ini ýigrimi bäş müň tirsek bolup, uzynlygy gündogardan günbatara çenli paýlanan her bir tiräniň mülküne deň bolsun; mukaddes öý onuň ortasynda bolar. Bu ýeriň bir bölegi iň mukaddes paý bolar. Onuň uzynlygy ýigrimi bäş müň we ini ýigrimi müň tirsek bolar. Bu ýeriň bir bölegi ruhanylara paý bolar; onuň demirgazyga tarap uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek, günbatara we gündogara tarap ini on müň, günorta tarap uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek bolar. Rebbiň mukaddes öýi onuň ortasynda bolar. Mülk hökmünde ysraýyl tireleriniň arasynda paýlamaly ýurduňyz şudur, bular olaryň paýlary bolar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Выбор основного перевода