Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hökümdar bolsa hökümdardygy üçin, Rebbiň huzurynda nahar iýmek üçin ol ýerde oturar. Ol muňa derwezäniň eýwanynyň ýolundan girer we şol ýoldan-da yzyna çykar». Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eger hökümdar öz ogullaryndan birine bir zat peşgeş berse, bu onuň öz mirasy bolar. Bu hökümdaryň agtyklarynyňky bolar; bu olara miras ýeten mülkdür. Eger-de öz mülküni gullarynyň birine peşgeş berse, ol azatlyk ýylyna çenli onuňky bolar; onsoň ol muny hökümdara yzyna gaýtarmalydyr; emma hökümdaryň mülki öz ogullarynyňky bolar. Hökümdar halkyň mirasyndan alyp, olary mülklerinden mahrum etmeli däldir; Meniň halkymdan hiç bir kişi mülkünden kowulmaz ýaly, her kim ogullaryna öz mülkünden miras bermelidir». Şäheriň mülki bilen mukaddes paýyň her ýanyndan artyp galan ýer hökümdaryňky bolar. Bu ýerler mukaddes paýa düşen ýigrimi bäş müň tirseklik bölegiň gündogaryndan we günbataryndan ýurduň gündogar we günbatar araçäklerine tarap uzalar. Tirelere düşen paýlar boýunça uzalýan bu iki bölek hökümdaryňky bolar. Hudaýyň öýüniň mukaddes ýeri bilen mukaddes paýy onuň ortasynda bolmalydyr. Lewilere düşen paý bilen şähere düşen paý hökümdara berlen ýerleriň ortasynda galar. Hökümdara beriljek ýerler ýahuda tiresi bilen benýamin tiresiniň araçäkleriniň arasynda bolar.
Выбор основного перевода