Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ini bäş müň, uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek bolan artyp galan ýer ýaşamak we açyk meýdan hökmünde şäher üçin umumy ýer bolar. Şäher onuň ortasynda ýerleşer. Onuň ölçegi şeýle bolar: demirgazyk, günorta, gündogar we günbatar taraplaryň her biri dört müň bäş ýüz tirsege deň bolar. Şäheriň açyk meýdanlary bolar: olar demirgazyga, günorta, gündogara we günbatara tarap iki ýüz elli tirsek ölçegde bolar. Mukaddes paýyň araçäginde artyp galan ýeriň gündogar tarapy hem, günbatar tarapy hem on müň tirsek bolar; ol mukaddes paýyň gapdalynda ýerleşer. Onuň hasyly şäheriň işçileri üçin iýmit bolar. Ol ýeri Ysraýylyň ähli tirelerinden bolan şäher ilaty ekip bejerer. Siziň sadaka hökmünde Men–Rebbe goýan tutuş paýyňyz dörtburçluk şekilinde bolup, her tarapy ýigrimi bäş müň tirsek bolar; mukaddes paýy şäheriň mülki bilen birlikde sadaka hökmünde berersiňiz.
Выбор основного перевода