Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Ysraýyllara şeýle buýruk ber, goý, olar özlerine miras düşen mülklerinden lewilere ýaşar ýaly galalar bersinler. Şol galalaryň töweregindäki öri meýdanlaryny-da lewilere bersinler. Onsoň ol meni demirgazykdaky derwezä getirdi; ony ölçedi, munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi. Bu lewiler öýümiň derwezelerinde gözegçilik edip, onda hyzmatkär bolarlar, Meniň mukaddes öýümde hyzmat ederler; ýakma gurbanlygynyň we halkyň beýleki gurbanlyklarynyň malyny soýarlar, halkyň hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin olaryň öňünde durarlar. Olar ýasan butlarynyň öňünde ysraýyl halkyna hyzmat etdiler, ysraýyl halkynyň ýazykly bolmagyna sebäpkär boldular. Şonuň üçin hem Men-Reb olaryň öz etmişleriniň jezasyny çekjekdigine ant içdim, muny Hökmürowan Reb diýýär. Olar ruhany hökmünde Maňa gulluk etmek üçin golaýyma gelmesinler, mukaddes sadakalarymyň, iň mukaddes zatlaryň hiç birine ýakynlaşmasynlar, olar diňe öz eden nejis işleriniň utançlaryny çekerler. Men olary öýüň ähli hyzmaty üçin, onda edilmeli ähli işleri goramak üçin bellärin. Lewileriň paýy bolsa ruhanylaryň araçäginiň garşysynda bolup, uzynlygy ýigrimi bäş müň, ini on müň tirsek bolar. Tutuş uzynlygy ýigrimi bäş müň, ini on müň tirsek bolar.
Выбор основного перевода