Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men olaryň arasynda bir alamat görkezerin. Olaryň arasyndan gaçyp gutulanlary milletleriň arasyna, Tarşyşa, Pula, ýaýçy Luda, Tubala, Ýawana, Men barada eşitmedik, şöhratymy görmedik uzakdaky adalara ýollaryn. Olar Meniň şöhratymy milletleriň arasynda yglan ederler. Pars, Lut we Put seniň urşujylaryňdy; olar galkanlary bilen demir tuwulgalaryny diwaryňdan asardylar; olar saňa şöhrat getirerdiler. Söweş arabalary köçelerde dälirän dek çapyşýarlar, meýdançalarda çar tarapa çarp urýarlar. Şamçyraglar kimin şugla saçyp, ýyldyrym deýin okdurylýarlar. Efiopiýa bilen Müsür onuň çäksiz güýjüdi, Put we Liwiýa onuň kömekçileridi.
Выбор основного перевода