Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Zogan şäheriniň hökümdarlary akmakdyr! Faraonyň paýhasly maslahatçylary pähimsiz maslahat berýärler, siz faraona nädip: «Men akyldarlaryň ogludyryn, gadymy şalaryň neslidirin» diýip bilýärsiňiz? Hany, nirede seniň akyldarlaryň? Goý, saňa aýtsynlar olar, Hökmürowan Rebbiň Müsüre garşy näme niýetländigini aýan etsinler. Zoganyň hökümdarlary akmaklyk etdiler! Memfisiň baştutanlary aldandylar, tire baştutanlary Müsüri azaşdyrdylar. Reb akyly çaşyrýan ruhlary iberdi, serhoşuň öz gusugynyň üstünde yranyşy deý, olar müsürlileri bar işinde azaşdyrdylar. Müsüriň hiç kime dady ýetmez, ne baş, ne guýruk, ne palma şahasy, ne-de gamyş oňa ýardam eder. Şol gün müsürliler aýal ýaly bolup, Hökmürowan Rebbiň özlerine garşy el galdyrar gorkusyndan ýaňa titreşerler.
Выбор основного перевода