Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Eý, boýy ýeten Babyl gyzy, aşak düş-de, toza çök! Eý, kesetler gyzy, ýerde otur, tagtyň ýokdur! Näzik, mylaýym, diýilmez indi saňa. Gilgatda melhem ýokmudyr? Ol ýerde tebip ýokmudyr? Onda näme üçin biçäre halkymyň ýarasyna em edilmeýär? Seniň dawaňy çözüp berjek ýok; ýaraňa şypa berjek melhem ýok. Men seni ýene dikelderin, sen täzeden dikelersiň, eý, Ysraýyl boý gyzy! Sen ýene deprekleriňi alyp, şadyýan tans edýänlere goşularsyň. Özüň üçin çelgiler goý, ýol görkezýän sütünler dik, ýoluňy, ýörän şaýoluňy gowuja anykla. Yzyňa dolan, eý, Ysraýyl boý gyzy, öz şäherleriňe tarap öwrül! Babyl duýdansyz ýykylyp kül boldy, onuň üçin perýat ediň! Ýarasyna melhem çalyň, belki-de, şypa tapar. «Eý, ynsan ogly! Men Müsür patyşasy faraonyň goluny döwdüm. Ol şypa tapar ýaly daňylmady ýa-da gylyç tutmak üçin güýje geler ýaly oňa sargy saralmady.
Выбор основного перевода