Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki Aşur patyşasy şeýle diýýär: «Muny öz elimiň güýji bilen, öz paýhasym bilen gazandym, men paýhaslydyryn. Milletleriň serhetlerini aýyrdym, olaryň hazynalaryny taladym, tagtyndan agdardym güýçli şalary. Hyzmatkärleriň üsti bilen Taňryny masgaralap, şeýle diýdiň: ʻBirtopar söweş arabalarym bilen daglaryň üstüne çykdym, Liwanyň jümmüşine bardym, onuň iň uzyn kedr agaçlaryny, gözel serwi agaçlaryny çapdym. Men onuň iň beýik depesine, gür jeňňeline baryp ýetdim. «Eý, ynsan ogly! Müsür patyşasy faraon üçin agy aýt we oňa şeýle diý: „Özüňi milletleriň ýaş arslanyna meňzetdiň, ýöne sen deňizlerdäki aždarha kiminsiň. Derýalaryňda eýläk-beýläk okduryldyň; aýaklaryň bilen suwlary çaýkadyň, derýalary bulandyrdyň“».
Выбор основного перевода