Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Efiopiýa umyt baglaýan, Müsüre öwünýän halk gorkar we utanja galar. Men Müsür hudaýlarynyň buthanalaryny oda ýakaryn. Babyl patyşasy butlaryň käbirini ýandyrar, käbirini-de ýany bilen äkider. Bir çopan öz ýapynjasyny bürelerden nähili tämizleýän bolsa, Müsür ýurduny hem şeýle tämizlär. Soňra Babyl patyşasy ýerden sag-aman çykar. Reb şeýle diýýär: „Ýahuda patyşasy Sidkiýany janynyň kastyna çykan duşmany Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline berşim ýaly, Müsür patyşasy faraon Hoprany-da janynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin“». Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men butlary-da ýok ederin, Memfisdäki biderek heýkelleri aýryp taşlaryn. Gaýdyp Müsür ýurdunda hökümdar bolmaz. Müsür ýurduna gorky salaryn. Patrosy weýran ederin, Zogan galasyna ot bererin, Tebes galasynda hökümler çykararyn. Gazabymy Müsüriň güýji bolan Siniň üstüne döküp, Tebesiň köp ilatlylygynyň soňuna çykaryn. Müsüre ot bererin, Sin soňsuz jebir çeker, Tebes galasynyň diwary jaýryk atar we Memfis galasy her gün duşman hüjümine sezewar bolar.
Выбор основного перевода