Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Men seni eneňiň göwresinde şekil bermezimden öň tanadym. Eneden dogulmazyňdan öň seni Özüme bagyş etdim, milletlere pygamber belledim». Ysraýyl Hudaýy Reb maňa şeýle diýdi: «Gazapdan pürepür bu käsäni Meniň elimden al-da, seni ýanlaryna iberjek ähli milletlerime ony şerap dek içir. Olar ony içip, ikiýana yranarlar we aralaryna iberjek gylyjymdan dälirärler». Onsoň men käsäni Rebbiň elinden aldym, ony Rebbiň meni iberen ähli milletlerine içirdim. Bu günki bolşy ýaly harabaçylyk, howp, ryswaçylyk, näletlenen ýer bolsun diýip, ondan Iýerusalime, Ýahuda şäherlerine, patyşalary bilen ýolbaşçylaryna içirdim. Başga-da Müsür patyşasy faraona, onuň emeldarlaryna, ýolbaşçylaryna, tutuş halkyna; ähli keseki halka, Us ýurdunyň hemme patyşalaryna, bütin piliştliler ýurdunyň patyşalaryna: Aşkelona, Gaza, Ekrona, Aşdodyň aman galanlaryna; Edoma, Mowaba, ammonlara; ähli Sur hem Sidon patyşalary bilen deňziň aňyrsyndaky halklaryň patyşalaryna; Dedana, Teýma, Büze hem-de saç-sakgallaryny gyrkan ähli halklara; Arabystanyň we çölde ýaşaýan keseki halklaryň ähli patyşalaryna; bütin Zimri, Eýlam, Madaý patyşalaryna; demirgazygyň ýakynu-uzak patyşalarynyň hemmesine we ýer ýüzündäki ähli patyşalyklara nobatma-nobat içirdim. Iň soňky bolup ondan Şeşak patyşasy içjekdir. «Soňra sen olara Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Içip, serhoş boluň, gusuň we araňyza iberjek gylyjymdan ýykylyň, gaýdyp ýeriňizden galmaň“. Eger olar eliňdäki käsäni alman, içmekden ýüz öwräýseler, olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Hökman içersiňiz! Ine, Men Öz adym dakylan şäheriň üstünden betbagtlyk indermäge başlaýaryn. Siz jezasyz galarys öýdýärsiňizmi? Jezasyz galmarsyňyz, çünki Men ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsanyň üstünden gylyç indererin“. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Şonuň üçin hem olara garşy bu sözleriň baryny pygamberlik et-de, şeýle diý: „Reb ýokardan nagra çeker, mukaddes mekanyndan seslener, agylyna garşy güňleç arlar. Bütin dünýäniň ilatyna garşy üzüm sykýanlar kimin gygyrar. Arryldysy ýer ýüzüniň uçlaryna ýeter, çünki Rebbiň milletler bilen dawasy bar. Ol ähli adamzada höküm çykarar, erbetleri gylyçdan geçirer“. Muny Reb aýdýandyr. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ine, bela milletden-millete ýaýraýar, ýeriň aňry ujundan uly harasat gopar“. Ol gün Rebbiň öldürenleri ýeriň bir ujundan beýleki ujuna ýeter. Olar üçin ýas tutulmaz, ýygnalyp jaýlanylmaz. Olar zir-zibil ýaly çaşyp ýatarlar. Möňňüriň, eý, çopanlar! Dady- -perýat ediň! Eý, süriniň baştutanlary, küle togalanyň! Çünki geldi öldüriljek, dargadyljak günüňiz, ýykylyp parçalanarsyňyz gymmatly gap kimin. Çopanlar gaçyp bilmezler, süri baştutanlary gutulyp bilmezler. Eşit çopanlaryň perýat edýän sesini, süri baştutanlarynyň uwwuldysyny! Çünki Reb weýran edýär olaň örüsini. Rebbiň gahar-gazabyndan ýaňa parahat agyllar dargady. Reb arslan deý süreninden çykdy. Onuň lowlaýan gazabyndan ýaňa, zalymlaryň gaharyndan ýaňa, olaň ýurdy harabalyga döndi».
Выбор основного перевода