Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb şeýle diýýär: „Ýahuda patyşasy Sidkiýany janynyň kastyna çykan duşmany Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline berşim ýaly, Müsür patyşasy faraon Hoprany-da janynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin“». Oňa adam aýagy basmaz, haýwan toýnagy sekmez; ol ýerde kyrk ýyllap hiç kim ýaşamaz. Men Müsüri haraba öwrülen ýurtlaryň hem iň harabasyna öwrerin, onuň şäherleri weýran edilen şäherleriň hem iň weýrany bolup, kyrk ýyllap haraba bolup ýatar. Men müsürlileri milletleriň arasyna pytradaryn, ýurtlaryň arasyna dargadaryn». Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Kyrk ýyldan soň müsürlileri pytradylan halklarynyň arasyndan ýygnaryn. Men müsürlileriň öňki abadançylygyny gaýtaryp berip, Patros ýurduna öz dogduk mekanlaryna getirerin. Ol ýerde olaryň patyşalygy ejiz patyşalyk bolar. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Babyl patyşasynyň gylyjy seniň depäňden iner.
Выбор основного перевода