Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Kemançy ýaýyny gursun, sowudyny geýip taýýar bolsun. Babylyň ýaş ýigitlerini gaýgyrmaň, ähli goşunyny bütinleý ýok ediň. Oklary ýiteldiň, sagdaklary dolduryň! Reb madaýlaryň patyşalarynyň ruhuny oýardy; Onuň maksady Babyly ýok etmekdir, Reb Öz öjüni – ybadathanasynyň öjüni alar. «Eý, ynsan ogly! Pygamberlik et we Reb şeýle diýýär diý: „Gylyç! Gylyç! ol ýiteldildi, çarhlandy! Bu öldürmek üçin ýiteldildi, ýyldyrym kimin çaksyn diýip çarhlandy. Biz nädip şatlanyp bileris? Oglum, sen taýagy we temmini harladyň ahyryn. Gylyç ulanmak üçin çarhlanmaga berildi; gylyç ganhoryň eline berilsin diýip ýiteldildi, çarhlandy.
Выбор основного перевода