Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Debora Abynogamyň ogly Baragyň yzyndan adam iberip, Kedeş galasynyň Naftaly diýen ýerine çagyrtdy we oňa şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb saňa şeýle buýruk berdi: „Bar, naftalylardan we zebulunlardan on müň adamy ýanyňa al-da, olar bilen Tabor dagyna çyk. Şonuň üçin hem sen häzir bütin ysraýyllary, Izebeliň goldaýan dört ýüz elli Bagal butunyň pygamberlerini we dört ýüz Aşera butunyň pygamberlerini Karmel dagyna, meniň ýanyma ýygna». Şeýdip, Ahap iýip-içmäge gitdi. Ylýas pygamber bolsa Karmel dagynyň çür depesine çykyp, iki bükülip, kellesini dyzlarynyň arasynda goýdy. Ýedinji gezekde hyzmatkär: «Seret, deňizden eliň aýasy kimin bir bölejik bulut ýokary galyp barýar» diýdi. Onsoň Ylýas pygamber hyzmatkärine: «Git-de, Ahaba at arabasyny taýýarlap, öýüne gitmegini tabşyr, ýogsam ýagyş ony ýolundan saklar» diýdi. Sen ýaratdyň demirgazygy we günortany, Tabor, Hermon şatlykly taryplaýar Seniň adyňy. Mowap weýran ediler, şäherleri basylyp alnar. Saýlama ýigitleri öldürilmek üçin iberildi. Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar. Karmel dagynyň depesinde gizlenseler-de, ol ýerden Men olary yzarlap taparyn. Huzurymdan deňziň düýbünde gizlenseler-de, deňiz ýylanyna buýruk bererin, ýylan-da olary çakar.
Выбор основного перевода