Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýoşyýa patyşanyň döwründe Müsüriň patyşasy faraon Neko Aşur patyşasyna kömek bermek üçin, Ýewfrat derýasyna tarap ýola düşdi. Ýoşyýa hem ony garşylamaga gitdi. Emma faraon Neko Ýoşyýa Megidoda sataşyp, ony şol ýerde öldürdi. Ýoşyýa patyşa öýüň dikeldiş işlerini tamamlandan soň, Müsür patyşasy Neko söweşmek üçin Ýewfrat derýasynyň boýundaky Karkemişe gitdi. Ýoşyýa hem Müsür patyşasyny garşylamaga gitdi. Müsür baradaky pygamberlik: Ine, ýyldam buluda atlanyp, Müsüre gelýär Reb, Müsür butlary titreşerler, müsürlileriň ýürekleri ýarylar huzurynda Onuň. «Müsürlileri biri-birine garşy öjükdirerin, dogan doganyň garşysyna, goňşy goňşusynyň garşysyna, şäher şäheriň garşysyna, patyşalyk patyşalygyň garşysyna urşar. Müsürlileriň zähresini ýararyn, niýetlerini puja çykararyn, butlaryndan, öli ruhlaryndan, jadygöýlerden, ruh çagyrýanlardan maslahat sorarlar. Müsürlileri zalym hojaýynyň eline bererin, rehimsiz patyşa höküm sürer üstlerinden». Muny Hökmürowan Taňry Reb aýdýandyr. Nilde suw galmaz, derýa çekiler, gurar. Onuň ýaplary porsar, takyrar, gurar Müsür çeşmeleri, gamyşlar, gargylar çüýrär. Niliň töweregindäki, ýakasyndaky çaýyrlar, onuň boýundaky bar ekinler gurap, sowrulyp, ýok bolup giderler. Balykçylar ýas tutarlar, Nile çeňňek taşlaýanlar aglaşarlar, suwa tor atýanlaryň susty basylar. Zygyrdan mata dokaýanlar lapykeç bolarlar, ak biz dokaýanlar umytdan düşerler. Onuň dokmaçylary howsala düşerler, ähli hakyna tutulanlar gam çekerler. Zogan şäheriniň hökümdarlary akmakdyr! Faraonyň paýhasly maslahatçylary pähimsiz maslahat berýärler, siz faraona nädip: «Men akyldarlaryň ogludyryn, gadymy şalaryň neslidirin» diýip bilýärsiňiz? Hany, nirede seniň akyldarlaryň? Goý, saňa aýtsynlar olar, Hökmürowan Rebbiň Müsüre garşy näme niýetländigini aýan etsinler. Zoganyň hökümdarlary akmaklyk etdiler! Memfisiň baştutanlary aldandylar, tire baştutanlary Müsüri azaşdyrdylar. Reb akyly çaşyrýan ruhlary iberdi, serhoşuň öz gusugynyň üstünde yranyşy deý, olar müsürlileri bar işinde azaşdyrdylar. Müsüriň hiç kime dady ýetmez, ne baş, ne guýruk, ne palma şahasy, ne-de gamyş oňa ýardam eder. Şol gün müsürliler aýal ýaly bolup, Hökmürowan Rebbiň özlerine garşy el galdyrar gorkusyndan ýaňa titreşerler. Ýahuda ýurdy müsürlilere howp salar. Ýanynda Ýahudanyň ady agzalan her kes Hökmürowan Rebbiň Müsüre garşy taýynlaýan kararyndan gorkar. Şol gün Müsürde bäş şäher kengan dilinde gepläp, Hökmürowan Rebden ant içerler. Olaryň biri Heläkçilik Şäheri diýip atlandyrylar. Şol gün Müsüriň ortarasynda Rebbe gurbanlyk sypasy, serhedinde bolsa bir sütün dikiler. Bu Müsür topragynda Hökmürowan Rebbe alamat we şaýat bolar. Olar zulumdarlary zerarly Rebbe perýat edenlerinde, Reb müsürlilere bir halasgär hem goragçy ýollap, olary halas eder. Reb Özüni müsürlilere tanadar. Şol gün müsürliler Rebbi tanarlar. Olar gurbanlyklarydyr galla sadakalary bilen Rebbe ybadat ederler; olar Rebbe wada berip, ony berjaý ederler. Reb Müsüri jezalandyrar, ýene-de Özi olara şypa berer. Müsürliler Rebbe dolanarlar, Reb-de olaryň ýalbarmalaryny diňläp, olara şypa berer. Şol gün Müsürden Aşura uly ýol bolar. Aşurlylar Müsüre gelerler, müsürliler-de Aşura giderler. Müsürliler aşurlar bilen bile ybadat ederler. Şol gün Ysraýyl Müsür bilen Aşuryň ýanynda üçünji ýurt bolar. Olaryň üsti bilen dünýä ýalkanar. Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda (bu Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň birinji ýylydy) Ýermeýa bütin ýahuda halky hakynda Rebbiň sözi aýan boldy. Başga-da Müsür patyşasy faraona, onuň emeldarlaryna, ýolbaşçylaryna, tutuş halkyna; Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda Neriýanyň ogly Baruk Ýermeýanyň dilinden şu sözleri kitaba ýazyp otyrka, Ýermeýa pygamberiň oňa aýdan sözi:
Выбор основного перевода