Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Isa muny eşidip, ýeke Özi gaýyga mündi-de, ol ýerden bir çola ýere çekildi. Halk muny bilende, şäherlerden çykyp, paý-pyýada Onuň yzyndan gitdi. Ol gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, olaryň hassalaryny sagaltdy. Şägirtleri agşam Onuň ýanyna gelip: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi, halky goýber, obalara gidip, özlerine iýmit satyn alsynlar» diýdiler. Isa olara: «Gitmegiň geregi ýok, olara iýmäge zady siz beriň» diýdi. Şägirtler hem Isa: «Biziň bu ýerde bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok ahyryn» diýdiler. Isa: «Olary şu ýere – Meniň ýanyma getiriň» diýdi. Şonda Isa halka otuň üstünde oturmagy buýurdy. Ol bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip, şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, şägirtlerine berdi. Şägirtleri hem olary mähellä paýladylar. Hemmeler iýip doýdular. Şägirtler artan çörek böleklerini ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. Mundan iýenleriň sany aýallardyr çagalardan başga bäş müňe golaý adamdy. Isa gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýalydy. Şonuň üçin olara köp zatlary öwretmäge başlady. Wagt gijigenden soň, şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi. Halky goýber, töwerekdäki obalara gidip, özlerine iýmäge zat satyn alsynlar» diýdiler. Emma Isa: «Olara iýmäge zady siz beriň» diýdi. Olar: «Eýsem biz iki ýüz kümüş teňňäni çörege sarp edip, olara iýdirelimi?» diýdiler. Isa olardan: «Baryň, görüň, näçe çöregiňiz bar?» diýip sorady. Görenlerinden soň olar: «Bäş çörek bilen iki balygymyz bar» diýdiler. Şonda olara hemme adamlary topar-topar edip, otuň üstünde oturtmagy buýurdy. Şeýlelikde, olar ýüz-ýüzden, elli-elliden topar-topar bolup oturdylar. Isa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, halka paýlar ýaly, şägirtlerine berdi. Iki balygy-da olaryň hemmesine paýlady. Hemmeler iýip doýdular. Şägirtler artan çörek böleklerini, balyklaryň ownuklaryny ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. Çörekleri iýen erkekleriň sany bäş müň adamdy. Emma mähelle muny bilip, Onuň yzyndan bardy. Ol hem olary oňat garşylap, Hudaýyň Şalygy hakda gürrüň berdi we şypa mätäç adamlary sagaltdy. Gün ýaşyp barýarka, Onkiler Isanyň ýanyna gelip: «Bu mähelläni goýber, töwerekdäki obalara gidip, ýatara ýer we azyk tapsynlar, sebäbi biz bir çola ýerde ahyry» diýdiler. Emma Isa: «Olara iýmäge zady siz beriň» diýdi. Olar hem: «Biz munça mähelle üçin iýmit satyn almaga gidelimi? Biziň bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok ahyry» diýdiler. Ol ýerde bäş müňe golaý erkekler bardy. Emma Isa şägirtlerine: «Olary elli-elliden topar-topar edip oturdyň» diýip tabşyrdy. Olar hem şeýle edip, hemmeleri oturtdylar. Isa bolsa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi. Soňra bulary halka paýlar ýaly bölüşdirip şägirtlerine berdi. Hemmeler iýip doýdular, artyp galan çörek böleklerini ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. Şundan soň Isa Jelile kölüniň beýleki tarapyna geçdi. Bu köle Tiberiýa köli hem diýilýärdi. Isanyň gudratlar arkaly hassalary sagaldandygyny gören uly mähelle Onuň yzyna düşdi. Isa şägirtleri bilen beýik depä çykyp oturdy. Ýahudylaryň Pesah baýramy golaýlapdy. Isa töweregine gözüni aýlady. Öz ýanyna uly mähelläniň gelýänini görüp, Filipe: «Bulara iýer ýaly çöregi nireden satyn alarys?» diýdi. Ol muny Filipi synamak üçin sorapdy, aslynda welin Özüniň näme etjegini eýýäm bilýärdi. Filip Oňa: «Bularyň her birine bir döwüm çörek satyn almak üçin iki ýüz kümüş teňňe sarp etsek-de ýetmez!» diýip jogap berdi. Şägirtlerden biri, Simun Petrusyň dogany Andrys Oňa: «Bu ýerde bir oglanda bäş arpa çöregi bilen iki balyk bar. Emma şeýle uly mähellä bular nämejik bolar?» diýdi. Isa: «Halky oturdyň» diýdi. Halk şol ýerdäki gök ýaýlada oturdy. Ol ýerde bäş müňe golaý erkek adam bardy. Isa çörekleri alyp, şükür etdi, soňra olary oturanlara paýlady. Balyklary hem şeýtdi, näçe isleseler, olara paýlady. Adamlar doýýançalar iýdiler. Olar doýanlaryndan soň, Isa şägirtlerine: «Galan-gaçanlary ýygnaşdyryň, hiç zat zaýalanmasyn» diýdi. Şeýlelikde, şägirtler iýlen bäş arpa çörekden artan bölekleri ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.
Выбор основного перевода