Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonda käbir Töwrat mugallymlary we fariseýler Oňa jogap berip: «Mugallym, biz Senden bir gudratly alamat görmek isleýäris» diýdiler. Isanyň ýanyna gelen käbir fariseýler Ony synap görmek üçin: «Bir adamyň her hili bahana arap, öz aýalyndan aýrylyşmagy kanuna dogry gelýärmi?» diýip soradylar. Beýlekiler hem Ony synamakçy bolup, gökden bir gudratly alamat görkezmegini talap etdiler. Mähelle has köp üýşende, Isa şeýle diýdi: «Bu nesil erbet nesildir. Olar alamat talap edýär, emma olara Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez. Olar ýene-de: «Görüp, Saňa iman ederimiz ýaly, Sen nähili gudratly alamat görkezersiň? Hany, näme edersiň? Ýahudylar gudratly alamatlary talap edýärler. Grekler paýhasy agtarýarlar.
Выбор основного перевода