Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sizi bir şäherde yzarlasalar, beýlekisine gaçyň. Size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Ogly gelýänçä, siz Ysraýylyň ähli şäherlerine aýlanyp çykyp bilmersiňiz. Isa aýaldan: «Näme isleýärsiň?» diýip sorady. Aýal Isa ýüzlenip: «Öz Şalygyňda meniň bir oglumyň Seniň sagyňda, beýlekisiniň bolsa çepiňde oturmagyny emr et» diýdi. Kimde-kim Rebbi söýmeýän bolsa, goý, oňa nälet bolsun. Ýa Rebbimiz, gelsene! Rebbiň sözüne daýanyp, size şuny aýdýarys: biz – diriler, Reb gaýdyp gelende, Onuň bilen merhumlardan öň duşuşmarys. Rebbiň Özi hökmürowan gygyryş bilen, Öz surnaýy bilen, baş perişdäniň sesi bilen göklerden iner. Şonda ilki bilen Mesihe gowşan merhumlar direler. Soňra bolsa biz, ýagny diriler, olar bilen bile Rebbi howada garşylamak üçin, bulutlar içinde alnyp göterileris we elmydama Reb bilen bolarys. Şoňa görä-de, şu sözler bilen birek-biregi ruhlandyryň. Eý, doganlar, Reb gelýänçä, sabyr-takatly boluň! Serediň, daýhan güýzki hem ýazky ýagşa nähili sabyrly garaşýar. Ol topragyň bol hasyl bererine garaşýar. Ine, Ol bulutlaryň arasy bilen gelýär! Ony hemmeler, hatda Ony deşim-deşim edenler hem görer. Dünýäniň ähli halklary Ol sebäpli aglarlar. Bu dogrudan-da şeýle bolar! Omyn.
Выбор основного перевода