Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýunusyň üç gije-gündiz balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar. Bir gün Jelilede üýşenlerinde, Isa olara: «Ynsan Ogly adamlaryň eline tabşyrylar. Ony öldürerler, emma Ol üçülenji gün direler» diýdi. Şägirtler muňa örän gynandylar. Isa Iýerusalime barýarka, ýolda on iki şägirdini bir çete çekip, olara: «Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň eline tabşyrylar, olar hem Ony ölüme höküm ederler. Ony kemsitsinler, gamçylasynlar we haça çüýlesinler diýip, keseki milletlere tabşyrarlar, emma Ol üçülenji gün direler» diýdi. Emma Ol öňürti köp görgi görüp, bu nesil tarapyndan ret edilmelidir.
Выбор основного перевода