Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp: «Bu mähellä haýpym gelýär! Bular üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge hem hiç zatlary ýok. Olary öýlerine aç goýberesim gelenok, ýolda tapdan düşmekleri ahmal» diýdi. Şägirtleri Oňa: «Beýle uly mähelläni doýrar ýaly, bu çola ýerde biz çöregi nireden alaly?» diýdiler. Isa olardan: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip sorady. Olar: «Ýedi çörek bilen birnäçe ownuk balygymyz bar» diýdiler. Isa mähellä ýerde oturmagy buýurdy. Ýedi çörek bilen balyklary alyp, şükür edeninden soň, olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi, şägirtleri hem olary mähellä paýladylar. Hemmeler iýip doýdular. Artan çörek bölekleri ýedi sebet boldy. Iýenler aýallardyr çagalardan başga dört müň adamdy. Şol günler ýene bir uly mähelle ýygnandy. Olaryň iýmäge hiç zatlary bolmansoň, Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara: «Bu mähellä haýpym gelýär! Bular üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge hem hiç zatlary ýok. Bulary öýlerine aç goýbersem, ýolda ysgyndan gaçarlar. Olaryň käbiri uzak ýerden gelipdir» diýdi. Şägirtleri Ondan: «Bu çöllükde olary doýrar ýaly çöregi nireden tapyp bolarka?» diýip soradylar. Isa: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip, olaryň özlerinden sorady. Olar: «Ýedi sany» diýip jogap berdiler. Onsoň Isa mähellä ýerde oturmagy buýurdy. Ýedi çöregi alyp, şükür edeninden soň, bölüşdirdi-de, paýlamak üçin şägirtlerine berdi. Olar hem bulary mähellä paýladylar. Olaryň biraz balyklary hem bardy. Isa şükür edeninden soň, olary hem paýlamagy buýurdy. Hemmeler iýip doýdular, artyp galan bölekleri ýygnap, ýedi sebedi doldurdylar. Iýenler dört müňe golaý adamdy. Onsoň Isa olary ugratdy.
Выбор основного перевода