Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol öz emeldarlaryna: «Bu Ýahýa çümdürijidir. Ol ölümden direlipdir, şol sebäpli ol bu mugjyzalary görkezip bilýär» diýdi. Şägirtleri Ondan: «Onda näme üçin Töwrat mugallymlary öňürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar. Bolup geçýän zatlary Hirod patyşa-da eşitdi, sebäbi Isanyň at-owazasy il arasyna ýaýrapdy. Käbir adamlar: «Ýahýa çümdüriji ölümden direlipdir. Ol şol sebäpli bu mugjyzalary görkezip bilýär» diýýärdiler. Beýlekiler bolsa: «Bu – Ylýas», käbirleri-de: «Bu öňki pygamberleriň biri ýaly pygamberdir» diýişýärdiler. Şol wagt Hirod han bolan wakalaryň baryny eşidip, gaty aljyrady. Sebäbi käbir adamlar: «Ýahýa direlipdir!» diýýärdiler. Käbirleri: «Ylýas peýda bolupdyr!», başga birileri hem: «Gadymy pygamberleriň biri direlipdir!» diýişýärdiler. Olar ondan: «Onda sen kim? Belki, Ylýassyň?» diýip soradylar. Ýahýa: «Ýok» diýip jogap berdi. Olar ýene-de: «Onda şol garaşylýan pygambermiň?» diýip soradylar. Ol: «Ýok, ol däl» diýip jogap berdi.
Выбор основного перевода