Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men Isa Mesihiň merhemeti bilen sizi çagyran Hudaýdan beýle tiz dänip, başga bir «hoş habary» kabul edişiňize örän haýran galýaryn. Başga bir Hoş Habar ýokdur. Ýöne käbir adamlar sizi bulaşdyryp, Mesihiň Hoş Habaryny üýtgetjek bolýarlar. Emma hatda biz ýa-da asmandan inen bir perişde size öň wagyz eden Hoş Habarymyzdan başga bir «hoş habary» wagyz etse, goý, näletli bolsun! Biziň size ozal aýdanlarymyzy men ýene-de gaýtalaýaryn: kimdir biri size ozal kabul eden Hoş Habaryňyzdan başgasyny wagyz etse, goý, lagnatly bolsun! Muny hiç kim sizi süýji sözler bilen aldamasyn diýip aýdýaryn. Ýalandan pespälsireýän we perişdelere sežde edýän adam sizi Hudaýyň sylagyndan mahrum etmesin. Şeýle adam gören görnüşlerine magtanýandyr, emma bu boş ýere paňkarýan ynsan pikir ýöretmesidir.
Выбор основного перевода