Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şondan soň Reb uly bir balyga Ýunusy ýuwutmagy emr etdi. Ýunus üç gije-gündizläp balygyň garnynda boldy. Ýunus şähere girdi we bir günlük ýol geçip: «Ýene kyrk günden Ninewe ýykyljak» diýip jar çekdi. Nineweliler Hudaýa ynandylar. Olar uludan-kiçä hemmelere agyz beklemegi yglan etdiler. Isa olara şeýle jogap berdi: «Bu erbet we biwepa nesil alamat talap edýär, emma oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez. Ýunusyň üç gije-gündiz balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar. Isa ybadathananyň howlusyna gelip, sapak berip otyrka, ýolbaşçy ruhanylar, halkyň ýaşululary Onuň ýanyna gelip: «Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Saňa bu ygtyýary kim berdi?» diýip soradylar. Ahyry olar Isa: «Biz bilemzok» diýip jogap berdiler. Isa-da olara: «Menem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtjak däl» diýdi. Mähelle has köp üýşende, Isa şeýle diýdi: «Bu nesil erbet nesildir. Olar alamat talap edýär, emma olara Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez.
Выбор основного перевода