Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Öz haçyny alyp, Meniň yzyma düşmedik hem Maňa mynasyp däldir. Janyny aýan ony ýitirer. Meniň ugrumda janyny ýitiren ony gorar. Isa oňa: «Müýnsüz bolaýyn diýseň, git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Soňra gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi. Şeýlelikde, siziň her biriňiz ähli zadyňyzdan el çekmeseňiz, Meniň şägirdim bolup bilmersiňiz. Adamlar Nuhuň gämä münen gününe çenli iýip-içip, öýlenip, durmuşa çykyp, arkaýyn ýaşap ýördüler. Soňra äpet sil gelip, baryny ýok etdi. Bu dünýäde janyny söýýän ony ýitirýändir. Emma bu dünýäde kim janyny ýigrenýän bolsa, ony baky ýaşaýyş üçin saklaýandyr.
Выбор основного перевода