Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Ýylda üç sapar Meniň şanyma baýram ediň: Petir baýramyny belläň. Meniň buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, çünki siz Müsürden şol aýda çykdyňyz. Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin. Meýdanda çeken zähmetiňiziň ilkinji hasylyndan Galla baýramyny belläň. Meýdandaky miweleriňizi ýygyp bolup, ýylyň ahyrynda bolsa hasyl toý beriň. Ýylda üç gezek erkekleriňiziň hemmesi Men – Taňry Rebbiň huzuryna gelsinler. Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek: Petir baýramynda, Galla baýramynda we Çatma baýramynda Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna – Onuň Öz saýlajak ýerine gelsinler. Olaryň hijisi Rebbiň huzuryna eli boş barmasyn. Daşky howlynyň demirgazygyndaky derwezäniň-de uzynlygyny we inini ölçedi. Onuň hüjreleri bu ýanda üç, ol ýanda hem üçdi; söýeleriň we eýwanyň ölçegi birinji derwezäniň ölçegi bilen meňzeşdi; uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi. Onuň tagçalary, eýwany we çekilen palma agaçlarynyň şekili gündogar tarapdaky derwezäniň ölçegine görädi. Oňa ýedi basgançakdan çykylýardy we olar eýwana alyp barýardy. Içki howlynyň derwezeleri demirgazyk we gündogar tarapdaky derwezeler bakyşyp durdular; derwezeden derwezä çenli aralygy ölçedi: ol ýüz tirsek çykdy. Onsoň ol adam meni günorta tarapa äkitdi; ine, günorta tarapa bakýan bir derweze bardy; onuň söýelerini we eýwanyny ölçedi, munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi. Derwezede we eýwanda öňki tagçalar ýaly tagçalar bardy we derwezäniň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi. Oňa çykar ýaly ýedi basgançak bardy we olar eýwana alyp barýardy. Onuň söýeleriniň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy; olaryň biri bu ýanda, beýlekisi ol ýandady. Içki howlynyň günorta derwezesi bardy; ol adam günorta derwezeden beýleki derwezä çenli uzynlygyny ölçedi, ol ýüz tirsek çykdy. Soňra ol meni günortadaky derwezeden içki howla getirdi we günortadaky derwezäni ölçedi; munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi. Onuň hüjreleriniň, söýeleriniň we eýwanynyň ölçegleri-de beýlekilere meňzeşdi. Derwezede we eýwanda töwerekleýin tagçalar bardy. Derwezäniň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi. Howlynyň her gapdalynda uzynlygy ýigrimi bäş tirsek, ini bäş tirsek bolan eýwanlary bardy. Derwezäniň eýwany daşky howla tarap bakyp durdy; söýeleriniň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy; oňa çykar ýaly sekiz basgançak bardy. Onsoň ol meni içki howla, onuň gündogar tarapyna getirdi; derwezäni ölçedi, munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi. Onuň hüjreleriniň, söýeleriniň we eýwanynyň ölçegleri-de beýlekilere meňzeşdi; derwezede we eýwanda töwerekleýin tagçalar bolup, derwezäniň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi. Derwezäniň eýwany daşky howla tarap bakyp durdy; söýeleriniň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy; oňa çykar ýaly sekiz basgançak bardy. Onsoň ol meni demirgazykdaky derwezä getirdi; ony ölçedi, munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi. Munuň-da hüjreleri, söýeleri, eýwany we tutuş töweregindäki tagçalary meňzeşdi. Onuň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi. Onuň eýwany daşky howla tarap bakýardy; söýeleriniň ýüzünde her ýan tarapdan palma agaçlarynyň şekili bardy; oňa çykar ýaly sekiz basgançak bardy. Derweze girelgesindäki sütünleriň gapdalynda gapysy açyk bir otag bardy; ýakma gurbanlyklaryny şol ýerde ýuwýardylar. Üstünde ýakma gurbanlygyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny soýar ýaly eýwanyň her tarapynda iki hantagta durdy. Eýwanyň daşynda, demirgazykdaky derweze girelgesiniň her ikiýan gapdalynda iki hantagta durdy. Derwezäniň her ikiýan gapdalynda dört hantagta bolup, üstünde gurbanlyk malyny soýar ýaly jemi sekiz hantagta bardy. Ýakma gurbanlygy üçin ýonulan daşdan uzynlygy we ini bir ýarym tirsek, beýikligi bolsa bir tirsek bolan dört hantagta durdy; olaryň üstünde bolsa ýakma gurbanlygyny we beýleki gurbanlyklary soýmak üçin enjamlar bardy. Otagyň içinde töwerekleýin hersiniň uzynlygy dört barmak bolan ildirgiçler kakylgydy; hantagtalaryň üstünde bolsa gurbanlyk eti bardy.
Выбор основного перевода