Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Birinji aýyň on dördüne Rebbe Pesah gurbanlygy hödür edilsin. Emma Ysraýylda ähli baýramlarda Täze Aý baýramynda, dabaralarda, Sabat günlerinde ýakma gurbanlygyny, galla we içgi sadakalaryny bermek hökümdaryň borjudyr. Ysraýyl halkyny günäden saplamak üçin günä gurbanlygyny, galla sadakasyny, ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny getirjek oldur». Ol goç bilen berilmeli galla sadakasy üçin bir batman bugdaý bersin, guzular bilen berilmeli galla sadakasyny öz göwün islegine görä hödür etsin we her batman üçin dört küýze ýag berer. Öküzçe we goç bilen berilmeli galla sadakasy üçin hersine bir batman bugdaý bersin, guzular bilen berilmeli galla sadakasyny öz göwün islegine görä hödür etsin we her batman üçin dört küýze ýag bersin.
Выбор основного перевода