Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ellinji ýyly mukaddes ýyl edip, siz ýurduň ýaşaýjylarynyň baryna azatlyk yglan ediň. Bu siziň üçin baýram ýyly bolsun. Her kim öz mülküne, öz maşgalasyna dolanyp gelsin. Bu ellinji ýyl siziň üçin baýram ýyly bolsun. Ýere ekin ekmäň, özi gögereni ormaň, pudalmadyk üzümiň hasylyny ýygnamaň. Çünki bu baýram ýyly siziň üçin mukaddes ýyldyr. Bu ýyl siz diňe ekin meýdanynyň öz öndüren önümlerini iýiň. Bu baýram ýylynda her kim öz mülküne dolanyp gelsin. Ýoldaşyňyza ýer satanyňyzda ýa-da satyn alanyňyzda biri-biriňizi aldamaň. Ýoldaşyňyzdan ýer satyn alanyňyzda, onuň bahasy indiki baýram ýylyna çenli, ýeriň öndürip biljek hasylyna görä kesilsin. Eger baýrama çenli wagt köp bolsa, onda ýeriň bahasyny artdyryň. Eger baýrama çenli az wagt galan bolsa, onuň bahasyny aşak düşüriň, çünki siz ýeriň öndürjek belli bir mukdardaky hasylyny satyn alýarsyňyz. Baýram ýylynda bolsa ýer mülk eýesine, ýagny satyn alnan adamyna geçer. Mukaddes bölege düşen paý bilen şähere düşen paýyň iki tarapyndaky ýerler hökümdara berler. Ol günbatar tarapdan günbatara, gündogar tarapdan gündogara tarap uzalyp gidýär. Onuň uzynlygy günbatar serhetden gündogar serhede çenli ysraýyl tireleriniň hersiniň paýy bilen deňdir.
Выбор основного перевода