Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma Nabot Ahaba: «Ata-babalarymdan galan mirasy saňa bermekden Hudaý saklasyn!» diýdi. Aýaly Izebel oňa: «Ysraýyla patyşalyk edýän sen dälmi näme? Tur, naharyňy iý-de, göwnüňi hoşla; ýizregelli Nabodyň üzümçiligini saňa meniň özüm alyp bererin». Siz ýag iýip, ýüňden eşik geýýärsiňiz; semiz goýunlar soýýarsyňyz, emma sürini bakmaýarsyňyz. Siz ejizi kuwwatlandyrmadyňyz, syrkawy bejermediňiz, ýaralynyň ýarasyny daňmadyňyz, azaşany yzyna getirmediňiz we ýitigi idemediňiz; gaýtam, zorluk hem rehimsizlik bilen olaryň üstünden agalyk etdiňiz. Çopanyň ýokdugy sebäpli olar dargadyldy; olar dargadylanda, ýyrtyjy haýwanlara şam boldular. Goýunlarym bütin daglarda we belent depelerde ygyp gezdiler; Meniň goýunlarym bütin ýer ýüzüne dargady, olary soran-da bolmady, idän-de“». Siz ejiz goýunlaryň ählisini kowup, tä uzaklara dargadýançaňyz, ýanbaşyňyz we çigniňiz bilen itýärsiňiz, şahyňyz bilen süsýärsiňiz. Bu Ysraýylda hökümdaryň mülki bolar. Mundan beýläk Meniň hökümdarlarym halkyma zulum etmezler, ýeri ysraýyl halkyna tirelerine görä paýlarlar. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, ysraýyl hökümdarlary, indi bes ediň! Zorluk we zulumy aradan aýryp, adalaty we dogruçyllygy berjaý ediň; halkymy öz topragyndan kowmaň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Düşeginde pislik oýlaýanlaryň, niýetini ýamana düwýänleriň, dat gününe! Daň atanda niýetlerini amala aşyrýarlar, çünki olaryň muňa güýji ýetýär. Gözüne ýakan ekin meýdanlaryny zorluk bilen alýarlar, islän öýlerini eýeleýärler; birini öýünden, ýene birini bolsa mirasyndan mahrum edýärler.
Выбор основного перевода