Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň ol adam meni mukaddes öýüň gündogara tarap bakýan derwezesinden yzyma getirdi; derweze ýapykdy. Emma Ysraýylda ähli baýramlarda Täze Aý baýramynda, dabaralarda, Sabat günlerinde ýakma gurbanlygyny, galla we içgi sadakalaryny bermek hökümdaryň borjudyr. Ysraýyl halkyny günäden saplamak üçin günä gurbanlygyny, galla sadakasyny, ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny getirjek oldur». Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Birinji aýyň birine şikessiz bir öküzçe al-da, mukaddes öýi tämizle. Ruhany bolsa günä gurbanlygynyň ganyndan alyp, öýüň gapylarynyň söýelerine, gurbanlyk sypasynyň diwarynyň dört burçuna we içki howlynyň derwezeleriniň söýelerine çalsyn.
Выбор основного перевода