Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň Hizkiýa: «Indi siz özüňizi Rebbe bagyş etdiňiz. Golaý geliň-de, Rebbiň öýüne gurbanlyklar, şükür gurbanlyklaryny getiriň» diýdi. Halk gurbanlyklar we şükür gurbanlyklaryny getirdiler; göwnünden çykaran her kes ýakma gurbanlyklaryny getirdi. Hökümdar bolsa hökümdardygy üçin, Rebbiň huzurynda nahar iýmek üçin ol ýerde oturar. Ol muňa derwezäniň eýwanynyň ýolundan girer we şol ýoldan-da yzyna çykar». Emma Ysraýylda ähli baýramlarda Täze Aý baýramynda, dabaralarda, Sabat günlerinde ýakma gurbanlygyny, galla we içgi sadakalaryny bermek hökümdaryň borjudyr. Ysraýyl halkyny günäden saplamak üçin günä gurbanlygyny, galla sadakasyny, ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny getirjek oldur». Hökümdar daşardan derweze eýwanynyň üsti bilen içerik girip, gapynyň söýesiniň ýanynda durar. Onuň ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny ruhanylar hödür ederler; ol bosagada sežde edenden soň, daşary çykar, ýöne derweze agşama çenli açyk bolar
Выбор основного перевода