Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
halkyň öňünde öz ruhanylyk borçlaryna biperwaý garaýardylar. Kimdir biri gurbanlyk berende, Eliýiň ogullarynyň hyzmatkäri eline üç dişli çarşak alyp gelerdi-de, Ol adam maňa şeýle diýdi: «Ýüzi günorta tarap bakýan bu otag Hudaýyň öýüni goraýan ruhanylar üçindir. Bu lewiler öýümiň derwezelerinde gözegçilik edip, onda hyzmatkär bolarlar, Meniň mukaddes öýümde hyzmat ederler; ýakma gurbanlygynyň we halkyň beýleki gurbanlyklarynyň malyny soýarlar, halkyň hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin olaryň öňünde durarlar. Olar ýasan butlarynyň öňünde ysraýyl halkyna hyzmat etdiler, ysraýyl halkynyň ýazykly bolmagyna sebäpkär boldular. Şonuň üçin hem Men-Reb olaryň öz etmişleriniň jezasyny çekjekdigine ant içdim, muny Hökmürowan Reb diýýär. Olar ruhany hökmünde Maňa gulluk etmek üçin golaýyma gelmesinler, mukaddes sadakalarymyň, iň mukaddes zatlaryň hiç birine ýakynlaşmasynlar, olar diňe öz eden nejis işleriniň utançlaryny çekerler. Men olary öýüň ähli hyzmaty üçin, onda edilmeli ähli işleri goramak üçin bellärin. Ol maňa: «Bu ýer ruhanylaryň ýazyk hem günä gurbanlyklaryny gaýnadýan we galla sadakasyny bişirýän ýeridir. Şoňa görä olar daşky howla çykmazlar we halka öz mukaddesliklerini geçirmezler» diýdi.
Выбор основного перевода