Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Derweze girelgesindäki sütünleriň gapdalynda gapysy açyk bir otag bardy; ýakma gurbanlyklaryny şol ýerde ýuwýardylar. Üstünde ýakma gurbanlygyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny soýar ýaly eýwanyň her tarapynda iki hantagta durdy. Reb maňa şeýle diýdi: «Bu derweze ýapyk bolar, ol açylmaz, ondan hiç kim girmez, çünki ondan Ysraýyl Hudaýy Reb girdi; şonuň üçin ol ýapyk bolar. Hökümdar bolsa hökümdardygy üçin, Rebbiň huzurynda nahar iýmek üçin ol ýerde oturar. Ol muňa derwezäniň eýwanynyň ýolundan girer we şol ýoldan-da yzyna çykar». Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, ysraýyl hökümdarlary, indi bes ediň! Zorluk we zulumy aradan aýryp, adalaty we dogruçyllygy berjaý ediň; halkymy öz topragyndan kowmaň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Ruhany bolsa günä gurbanlygynyň ganyndan alyp, öýüň gapylarynyň söýelerine, gurbanlyk sypasynyň diwarynyň dört burçuna we içki howlynyň derwezeleriniň söýelerine çalsyn. Şol gün hökümdar özi üçin we ýurduň halky üçin günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçe hödürlär. Hökümdar içeri girende, eýwanyň üsti bilen girip, şol ýol bilen hem yzyna çyksyn. Hökümdar meýletin sadaka, ýagny ýakma ýa-da salamatlyk gurbanlyklary hökmünde Rebbe meýletin sadaka hödür edende, oňa gündogara tarap bakýan derweze açylmalydyr. Ol özüniň ýakma ýa-da salamatlyk gurbanlygyny edil Sabat güni edişi ýaly hödürlär. Onsoň daşary çykar we çykanyndan soň derweze ýapylar.
Выбор основного перевода