Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger siz tamdyrda ýapylan petiri sadaka bermekçi bolsaňyz, onda ol saýlama bugdaý unundan bişirilen, zeýtun ýagyna ýugrulan, hamyrmaýasyz külçeler ýa-da ojakda bişirilen, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekler bolsun. Eger tabada bişirilen galla sadakasyny bermekçi bolsaňyz, onda ol saýlama bugdaý unundan, zeýtun ýagyna ýugrulyp bişirilen petir bolsun. Eger siziň berýän galla sadakaňyz saçda bişirilen petir çörek bolsa, onda ol saýlama bugdaý unundan edilen hem-de zeýtun ýagyna ýugrulan bolsun. Olar Pesah janlysyny düzgün boýunça otda kebap etdiler. Mukaddes sadakalary-da gazanlarda, pitilerde we tabalarda bişirip, dessine bütin halka paýladylar. Ruhanylar mukaddes ýere girenlerinde, hyzmat edýän wagty geýýän geýimlerini bu otaglarda çykaryp goýmazdan daşky howla çykmasynlar, sebäbi bu geýimler mukaddesdir. Halkyň ýanyna çykmazdan öň, olar başga geýimler geýmelidirler». Olar halkyň ýanyna daşky howla çykanlarynda, eginlerindäki eşiklerini çykaryp, olary mukaddes otagda goýarlar; ol eşikleri bilen halka mukaddesliklerini geçirmezlik üçin başga eşikler geýsinler.
Выбор основного перевода