Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bu halk ýa-da bir pygamber, ýa bolmasa bir ruhany senden: „Rebden gelen pygamberlik ýüki näme?“ diýip sorasa, sen olara: „Siziň özüňiz ýük ahyryn. Men sizi terk ederin“ diýip jogap ber. Muny Reb aýdýandyr. Bu pitneçi halk seni islese diňlesin, islemese diňlemesin, ýöne olar öz aralarynda bir pygamberiň bardygyny bilsinler. «Indi pitneçi halka: „Siz bularyň nämedigini bilmeýärsiňizmi?!“ diý. Olara şeýle diý: „Ine, Babyl patyşasy Iýerusalime gelip, onuň patyşasyny we han-beglerini Babyla äkitdi. Halk maňa: «Seniň edýän bu zatlaryňyň bize näme dahyly bar? Muny bize aýtjak dälmi?» diýdi.
Выбор основного перевода