Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonuň üçin, eý, ynsan ogly, sen ýesir edip äkidilýän adam ýaly, öz goşuňy taýýarla-da, gündiziň güni olaryň gözleriniň alnynda ýola düş. Sen ýesir edip äkidilen ýaly, olaryň gözleriniň alnynda öz ýeriňden başga bir ýere göç. Olar pitneçi halk bolsalar-da, belki, muňa düşünerler. Gündiz olaryň gözleriniň alnynda sürgün edilýäniň goşy kimin goşuňy çykar we sürgün edilýän kişi kimin olaryň gözleriniň alnynda agşam ýola düş. Olaryň gözleriniň alnynda diwary oý-da, goşuňy ondan çykar. Olaryň gözleriniň alnynda goşuňy gerşiňde göter-de, garaňkyda çyk, bu ýurdy görmez ýaly ýüzüňi büre, çünki Men seni ysraýyl halky üçin bir alamat etdim». Şeýlelikde, men daňdan halka bu sözleri aýtdym; agşam bolsa aýalym öldi. Ertesi daňdan men ähli zady özüme buýrulyşy ýaly berjaý etdim.
Выбор основного перевода